Gahryman Arkadagymyz BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy

8 Iýul 2024
168

6-njy iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy.

Gahryman Arkadagymyz we iri halkara guramanyň ýolbaşçysy «Arkadag» myhmanhanasynyň eýwanynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň hem-de BMG-niň baýdagynyň öňünde resmi surata düşenlerinden soň, Milli Liderimiz bilen BMG-niň Baş sekretarynyň arasynda duşuşyk geçirildi.

«Watan».