Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Kir Starmeri Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Premýer-ministri wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini belläp, bu gatnaşyklaryň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirdi.