Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Gazagystan Respublikasynyň paýtagtynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylmagy ulus-ilimizde egsilmejek şatlyk duýgusyny döretdi. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyzyň 300 ýyllyk toýy mynasybetli Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň oturdylmagy dost-doganlygymyzyň ebedidigini hem-de mizemezdigini görkezýär.
Doganlyk ýurdumyz bolan Gazagystan Respublikasynyň paýtagtynyň gözel künjekleriniň birinde oturdylan nurana ýadygärlik diňe bir şäheriň görküni artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem türkmen-gazak halklarynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da pugtalanýandygyny dabaralandyrýar.