Görk — agyzdan

3 Iýul 2024
189

Dünýäde adam saglygyna belli bir derejede zyýanly täsir edýän zatlaryň biri — bu nädogry iýmitlenme we fiziki işjeňligiň pesligidir. Sagdyn iýmitlenme süýjüli diabetden, ýürek kesellerinden, insultdan hem-de beýleki ýokanç däl kesellerinden adam bedeniniň goragyny üpjün edýär. Häzirki wagtda bütin dünýäde ilat arasynda semizligiň we artykmaç agramyň görkezijileri artýar. Bu ýagdaýyň öňüni almak üçin iýýän önümlerimize aýratyn üns bermelidiris. Her gün möwsümleýin bişýän ter gök önümleri, miweleri köpräk iýmeli hem-de iýmitiň düzümine kösükli, däneli önümleri, hozlary goşmaly. Sebäbi kösükliler we hozlar ösümlik beloklarynyň esasy çeşmesidir. Rafinirlenen krahmalyň, şekeriň, ýaglaryň we duzuň ulanmagyny iýmitiň düzüminde azaltmaly.

Doýgun däl ýaglaryň doýgun we transizomerli ýaglardan peýdalydygyna düşünmeli. Doýgun däl ýaglar, ýagny balygyň, hozuň, günebakaryň, zeýtunyň ýagy sagdyn iýmitlenmegiň bir bölegidir.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.