Tejribe — hünär taýýarlygynyň kepili

3 Iýul 2024
298

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz merdana halkymyzyň yhlasly we tutanýerli zähmeti, gazanýan üstünlikleri netijesinde, kuwwatly, gülläp ösýän, parahatçylygy goldaýan döwletleriň birine öwrüldi. Ýurdumyzyň ösüşli ýoly bu gün bütin dünýäde ykrar edilýär. Eziz Watanymyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda harby ulgamda hem uly ösüşler gazanylýar. Häzirki wagtda ýokary hünärli milli harby hünärmenleri taýýarlap we terbiýeläp ýetişdirmek

hormatly Belent Serkerdebaşymyz tarapyndan anyk kesgitlenilen döwlet ösüşiniň strategik wezipeleriniň biri bolup durýar. Bilime teşne harby talyp ýaşlaryň bilimdir başarnyklaryny kämilleşdirmek, hünär derejelerini ýokarlandyrmak, okatmagyň döwrebap usullaryny halkara tejribeleriň häzirki zaman gazananlary bilen utgaşdyrmak, olaryň hünär bilimleriniň nazary we amaly usullaryny dogry gurap bilmek ussatlygyny artdyrmak, harby-syýasy düşünjelerini has-da baýlaşdyrmak, ylmyň we tehnikanyň, sanly ulgamyň mümkinçiliklerine daýanyp, harby hünärleriň dürli ugurlary boýunça ylym-bilim bermek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Şu maksatlardan ugur alyp, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy fakultetiniň harby talyplary şu günler serkerde-mugallymlaryň ýolbaşçylygynda ýokary okuw mekdebiň çäginde we Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň raýat goranyşy edaralarynda okuw tejribeligini geçýärler.

Döwlet ORAZMYRADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy fakultetiniň harby talyby.