Täze taslamalaryň täze tapgyry

2 Iýul 2024
214

28-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, lukman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabatda gurluşygy alnyp barylýan saglygy goraýyş ulgamyna degişli desgalaryň şekil taslamalary we olaryň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki döwürde gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezine geldi. Bu ýerde lukman Arkadagymyzyň hut özüniň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri amala aşyrmagyň çäklerinde degişli işler ýerine ýetirilýär.

«Bereketli toprak».