Ýagty geljek üçin hyzmatdaşlyk

1 Iýul 2024
320

Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň ýaşlara bildirýän belent ynamy bizi nurana geljegiň bähbidine döredijilikli zähmet çekmäge, döwrebap bilim almaga, ylym we döredijilik bilen meşgullanyp, uly üstünlikleri gazanmaga ruhlandyrýar.

Milli Liderimiziň pähim-paýhasa ýugrulan eserleri, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitaby türkmen ýaşlary üçin bahasyna ýetip bolmajak gollanmadyr. Özleri hakynda edilýän aladalardan güýç alýan ýaş nesiller halkara bäsleşiklerde, forumlarda ýurdumyza mynasyp wekilçilik edip, eziz Watanymyzyň abraýyny artdyrmaga goşant goşýarlar.

Merjen JUMAMYRADOWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.