«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024
Hormatly Prezidentimiz 2023-nji ýylyň 29-njy dekabrynda «Ruhyýet» köşgünde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekilleriniň, deputatlaryň gatnaşmagynda ähli halkymyzyň biragyzdan goldamagy netijesinde ýylyň şygary hem-de nyşany baradaky teklibi makullady. Şol gün 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edildi. Akyldar şahyrymyzyň sarpasy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen belentden-belent tutulýar. Muňa Gahryman Arkadagymyzyň ylhamyndan syzylyp çykan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygry doly güwä geçýär. Şu jähtden asuda, parahat Diýarymyzda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýy dabaraly bellenýär.