Türkmen sungatynyň şuglasy

21 Iýun 2024
416

ýa-da Ýaponiýa sapardan soňky ýazgylar

Goýnundaky ýolagçylaryň bir bölegi ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlaryndan ybarat bolan, Aşgabat — Stambul — Tokio üstaşyr halkara gatnawy boýunça uçan uçar «Narita» aýak basanda, Günüň dogýan mekanynda guşluk boluberipdi. Ýapon halkyny türkmen medeniýeti, sungaty we milli gymmatlyklary bilen tanyşdyrmak, döwletimiziň hoşniýetli daşary syýasatyny, medeni diplomatiýasyny wagyz etmek, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen yzygiderli pugtalandyrylýan döwletara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge goşant goşmak wezipeleriniň özlerine ynanylandygyna belent buýsanç alys menzillerde wekiliýetiň agzalaryna güýç-kuwwat berýärdi. Çünki olaryň bu ýurtda aýtjak her bir sözi döwletiň adyndan aýdyljak söz, ýerine ýetirjek aýdymlary türkmen halkynyň ýürek owazy, guraljak sergilerde görkezjek gymmatlyklary gadymy milletimiziň taryhy hem milli mertebesi, buýsanjy, kämillik derejesidi. Watanyň, döwletiň hem halkyň ýumşuna ýaramak, olara sagadatly bolmak bolsa mukaddes borç...

Ysmaýyl TAGAN.
«Türkmenistan». Aşgabat — Tokio — Sukuba — Aşgabat.