Halklary ýakynlaşdyrýan altyn köpri

19 Iýun 2024
583

Bitarap Türkmenistan garaşsyz ösüşiniň täze taryhy tapgyrynda dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary yzygiderli berkidip, ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň pugtalandyrylmagyna goşant goşmak ugrunda tagalla edýär. Häzirki wagtda ýurdumyz 153 döwlet bilen diplomatik gatnaşyklary saklaýar. Şolaryň hatarynda Ermenistan Respublikasy hem bar. Iki ýurduň arasynda 1992-nji ýylyň oktýabrynda resmi taýdan diplomatik gatnaşyklar ýola goýlandan soňra, 1994-nji ýylda Aşgabatda Ermenistanyň, 2000-nji ýylda bolsa Ýerewanda Türkmenistanyň ilçihanasy hereket edip başlady. Bu günki gün döwletara hyzmatdaşlyk dürli ugurlar boýunça ösdürilip, bar bolan mümkinçilikler halklarymyzyň bähbidine netijeli peýdalanylýar.

Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasy syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda, ulag-logistika pudagynda işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Şunda döwletleridir halklary ýakynlaşdyrýan medeni gatnaşyklara has depginli ösýän ugur hökmünde baha bermek bolar. Bu bolsa Bitarap Watanymyzyň ykrar edilen parahatçylyk dörediji merkez bolmak bilen, Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek, medeniýetleriň özara baýlaşmagyna goşant goşmak babatda edýän tagallalary, giň gerimli gatnaşyklara hem-de ylmy alyşmalara taýýardygy bilen şertlendirilendir. Şoňa görä, geçen taryhy döwrüň dowamynda türkmen-ermeni hyzmatdaşlygynyň medeni ugrunda anyk sepgitlere ýetilip, onuň hukuk binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Geçen ýylyň iýunynda geçirilen Türkmenistanyň Ermenistandaky Medeniýet günleriniň çäginde «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ermenistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2023 — 2025-nji ýyllarda medeniýet we sungat babatda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna» gol çekilmegi-de muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Şonda ýurdumyzyň medeniýet ministriniň Ermenistanyň ylym, bilim, medeniýet we sport ministri bilen geçiren duşuşygynda özara medeni hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylypdy.

Amantäç JUMANAZAROWA,
Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçihanasynyň attaşesi.