Hormatly Prezidentimiziň bugdaýly meýdanlara şa gadamy düşdi

18 Iýun 2024
325

Türkmenistanda azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak, oba hojalygynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek, bu ugurdaky işleri döwrebap usulda guramak we pudaga hususy önüm öndürijileri giňden çekmek işleri maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň beýleki sebitlerinde bolşy ýaly, Balkan welaýatynda hem oba hojalyk pudagynda giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Şol özgertmeler welaýatyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendir.

Ynha, Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň 15-nji iýunynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň günbatar sebitine iş saparyny amala aşyryp, welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi hem-de galla oragynyň depgini bilen tanyşmagy-da aýdylanlaryň aýdyň beýanyna öwrüldi.

TDH-nyň maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.