Türkmenistan «Hytaý — Ýewraziýa EKSPO» halkara sergisine gatnaşar

16 Iýun 2024
475

Türkmenistan şu ýylyň 26 — 30-njy iýuny aralygynda Hytaýyň Urumçi şäherinde geçiriljek «Hytaý — Ýewraziýa EKSPO» halkara sergisine gatnaşmagy meýilleşdirýär. Bu barada wise-premýer B.Atdaýew «Türkmenistanyň halkara sergi işiniň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda» kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylýan işleriň çäginde habar berdi.

Halkara sergi, esasan, üç bölümden, şol sanda maýa goýum hyzmatdaşlygy, milli pawilýonlar hem-de pudaklara ýöriteleşdirilen bölümden ybaratdyr. Bu serginiň çäklerinde söwda we maýa goýum forumlarynyň, tejribe alyşmalaryň, dürli ykdysady-medeni çäreleriň guralmagy göz öňünde tutulýar. Wise-premýeriň belleýşi ýaly, bu iri möçberli sergä ýurdumyzyň milli pawilýony bilen gatnaşmagy dürli pudaklaryň, hususy haryt öndürijileriň harytlarynyň we hyzmatlarynyň mahabatlandyrylmagy, eksport ugurly harytlarymyzyň Hytaý bazaryna ýerlenilişini artdyrmaga, söwda-ykdysady, işewürlik hyzmatdaşlygyny giňeltmäge mümkinçilik berer.

Janabaý ŞYHYÝEW,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň pedagogika kafedrasynyň müdiri, pedagogika ylymlarynyň kandidaty.