Türkmenistan Ýewraziýa patent guramasy bilen hyzmatdaşlygyny ösdürýär

16 Iýun 2024
332

Türkmenistan Ýewraziýa patent guramasynyň esasy resminamalarynyň biri bolan «Ýewraziýa patent Konwensiýasynyň senagat nusgalaryny goramak hakyndaky Teswirnamasyna» goşulmagy meýilleşdirýär. Degişli teklibi 14-nji iýunda Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow hödürledi.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri ýokarda agzalan Teswirnama goşulmak bilen şertlendirilen ýurdumyz üçin dörejek artykmaçlyklar barada habar berdi.

Umyt AMANDURDYÝEW,
TDMG-niň Mary welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, maýor.