Balkan welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda «Magtymguly» atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Bellenilişi ýaly, söz ussadynyň saýlanan eserlerini özünde jemleýän kitabyň neşir edilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň baý medeni mirasynyň öwrenilmegine we giňden wagyz edilmegine berýän ünsüniň nobatdaky subutnamasydyr.
Toý ruhuna eýe bolan dabara gatnaşanlar ýaş nesli watansöýüjilik, zähmetsöýerlik we halkymyzyň döreden milli ýörelgeleri ruhunda terbiýelemekde «Magtymguly» atly kitabyň ähmiýetiniň örän uludygyny buýsanç bilen nygtap, beýik akyldaryň döredijiligine goýýan bimöçber sarpasy üçin Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.