Türkmen-rus hyzmatdaşlygy

14 Iýun 2024
422

13-nji iýunda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Konstantin Kosaçýow bilen duşuşygy boldy. Onda parlamentara hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri, kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň nobatdaky Parlamentara forumyny geçirmegiň guramaçylyk meseleleri barada pikir alşyldy. Duşuşygyň maksady özara bähbitli köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

«Watan».