Ýewropa çempionatyna gatnaşýan 24 ýygyndynyň tälimçileriniň 16-syna her ýurduň ýerli hünärmeni tälim berip, 8 ýygynda başga ýurduň tälimçileri, legioner hünärmenler tälimçilik edýär. 24 ýygyndynyň tälimçileriniň arasynda iň köp italiýaly tälimçilere duş gelmek bolýar. Italiýanyň milli ýygyndysynyň tälimçisi Luçano Spallettiden başga-da 4 ýurda tälim berýän baş tälimçiler italiýaly hünärmenlerdir. Türkiýäniň ýygyndysyna Winçenzo Montella, Slowakiýanyň ýygyndysyna Françesko Kalzona, Wengriýanyň ýygyndysyna-da Marko Rossi tälim berýär. Belgiýanyň ýygyndysynyň 38 ýaşyndaky tälimçisi Domeniko Tedesko hem italiýaly tälimçi bolup, onuň Germaniýanyň raýatlygy hem bar.
Italiýadan soň iň köp germaniýaly, fransiýaly hem-de ispaniýaly tälimçiler bolup, ady agzalan bu ýurtlaryň hersinden 2 hünärmen Ýewropa çempionatyna gatnaşýar. Germaniýadan ýerli milli ýygyndynyň tälimçisi Ýulian Nagelsmanndan başga Awstriýanyň milli toparyna-da meşhur hünärmen Ralf Rangnik tälimçilik edýär. Fransiýanyň ýygyndysynyň tälimçisi Didie Deşam bilen taryhynda ilkinji gezek yklym ýaryşyna wekilçilik edýän Gruziýanyň tälimçisi Willi Sanýol çempionatyň fransiýaly tälimçileridir. 2 goňşy ýurduň tälimçileri – Ispaniýanyň ýygyndysynyň tälimçisi Luis de la Fuenta hem-de Portugaliýanyň ýygyndysynyň tälimçisi Roberto Martines ispaniýaly hünärmenlerdir.