Ýewropa çempionatyna gatnaşýan ýygyndylaryň hemmesine golaýy toparçalarda duşuşjak ýygyndylary bilen ozal telim gezek duşuşyk geçirdiler. 2–3 sany ýygyndy bolsa ilkinji gezek EURO 2024-de özara duşuşarlar.
Şu çempionatda toparçalarda özara duşuşyk geçirjekleriň arasynda mundan öň iň köp gabatlaşan toparlar Şweýsariýa bilen ýer eýesi Germaniýanyň ýygyndylarydyr. Olar mundan ozal 53 duşuşykda garşylaşdylar. Şolarda Germaniýa has ýokary netije görkezip, olar 36 gezek Şweýsariýanyň ýygyndysyndan üstün çykmagy başardy. Şweýsarlar 9 gezek ýeňip, 8 duşuşykda-da deňme-deň oýnadylar. Gollarda nemesleriň 142 topuna şweýsarlar 69 gol bilen jogap berdiler.