Türkmenistan söwda, ýük daşamak işlerini ýeňilleşdirmek boýunça okuw maslahatyna gatnaşdy

14 Iýun 2024
318

“Türkmen Logistika” assosiasiýasynyň uly utgaşdyryjysy Sapa Gurbanberdiýew Türkmenistanyň wekili hökmünde şu ýylyň 11-12-nji iýunynda Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirilen söwda we ýük daşamak işini ýeňilleşdirmekde mümkinçilikleri ýokarlandyrmak boýunça 15-nji halkara okuw maslahatyna gatnaşdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, çärä gatnaşyjylar geçiş ykdysadyýetli sebit ýurtlarynda port aragatnaşyk ulgamyny ornaşdyrmagyň öňdebaryjy tejribesine, maglumatlary we resminamalary alyşmagy standartlaşdyrmak boýunça teklipleriň işlenip taýýarlanyşyna, söwda we ulag resminamalaryny sanlylaşdyrmak mümkinçiliklerine, utgaşykly daşalýan harytlara, TMTM, TRASEKA we ösüş boýunça beýleki hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlykda maglumat alşygyny sanlylaşdyrmagyň anyk barlagyny synagdan geçirmäge garadylar.