Mälim bolşy ýaly, 24-nji maýda paýtagtymyzda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Aşgabady «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýip yglan etmek hakynda Çözgüt kabul edildi. Şu mynasybetli 3-nji iýunda Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda «Aşgabat — sport mümkinçilikleriniň we üstünlikleriniň şäheri» atly baýramçylyk çäreleri geçirildi.
Sport toplumynyň esasy girelgesiniň öňünde türkmen türgenleriniň üstünlikleriniň sergisi guraldy. Onda abraýly halkara ýaryşlarda gazanylan dürli derejeli baýraklar görkezildi. Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Aşgabat şäheriniň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilýän «Aşgabat — sport mümkinçilikleriniň we üstünlikleriniň şäheri» atly dabaraly çärä gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.