Dost-doganlyk köprüsi

9 Iýun 2024
480

Pähimdar ata-babalarymyzdan bize miras galan «Dil — akylyň açary», «Dil bilen dünýäni gezer» ýaly atalar sözleridir nakyllary dünýä dillerini öwrenmegi özüne maksat edinen ýaşlar üçin nesihatdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber aladalary netijesinde ýaşlar dünýä ülňülerine laýyklykda bilim alýarlar. Häzirki wagtda olaryň aglaba bölegi türkmen dilinden başga rus we iňlis dillerinde suwara gürlemek bilen çäklenmän, koreý, hytaý, fransuz, ýapon, ispan we beýleki dillerde hem erkin gürlemegi başarýarlar. Elbetde, bu ýagdaý guwandyryjydyr.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutymyzda indi birnäçe ýyllardan bäri beýleki diller bilen bir hatarda koreý dili hem okadylyp gelinýär. Bu ugur boýunça öz işine ussat hem-de kämil hünärmenler taýýarlanýar. Koreý dili hünäriniň talyplary üçin gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň binýadynda ýörite lingafon okuw otaglary bar. Ýurdumyzda her ýyl bu hünärde bilim alýan talyp ýaşlar üçin «Koreý diliniň suhangöýlik sungaty» atly bäsleşik geçirilýär. Bu bäsleşik iki derejeli tapgyrda alnyp barylýar. Ýagny, birinji derejä diňe birinji ýyl talyp ýaşlar, orta derejä bolsa ýokarky ýylda okaýan talyplar gatnaşyp bilýär. Olar berlen temadan düzme ýazyp, ony çeper dilde aýtmak boýunça bäsleşýärler. Her ýylda geçirilýän bu bäsleşik özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Ýylyň-ýylyna koreý dili hünäriniň talyplary üçin ýörite bilim derejelerini barlamak we kämilleşdirmek maksady bilen barlagnamalaýyn iş alnyp barylýar. Barlagnamanyň dowamynda talyplaryň sözleýiş, okaýyş, diňleýiş we ýazuw endikleri ösdürilýär.

Maral GARLYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň koreý dili mugallymy.