Abu Aly Ibn Sinanyň gymmatly mirasy

7 Iýun 2024
453

Berkarar döwletimizde ýurt möçberinde döwrebap lukmançylyk ylmyny ösdürmäge, şeýle-de türkmen lukmançylygynyň taryhyny öwrenmäge uly üns berilýär. Mälim bolşy ýaly, özüniň köklerini irki döwürlerden alyp gaýdýan türkmen lukmançylygynda dürli keselleri bejermegiň anyk ugurlary kesgitlenipdir. Mundan başga-da, türkmen tebipleridir lukmanlary otlardan dürli çalgylary we däri-dermanlary ýasapdyrlar. Olar diňe bir ösümlikden alnan dermanlary däl-de, eýsem haýwanlardan we daşlardan ýasalan dermanlary döwük-ýenjikleri, ýanyklary, sowuklamany bejermek üçin ulanypdyrlar. Wagtyň geçmegi bilen lukmançylyk düşünjeleri artypdyr. Ussat lukmanlar döräp başlapdyr, soň-soňlar olar öwrenen zatlaryny şägirtlerine öwretmek bilen lukmançylyk ylmynyň esaslaryny nesilden-nesle geçiripdirler.

Gündogar lukmançylygyny esaslandyryjylar diýlip, hasaplanýan Seýit Ysmaýyl Gürgenliniň, Muhammet Gaýmaz Türkmeniň, Abu Aly ibn Sinanyň, Abu Reýhan Birunynyň ylmy-amaly mirasy häzirki wagtda hem ynsan saglygyny goramakda uly gymmatlyga eýedir.

Täjigül MYRADOWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň kiçi ylmy işgäri.