Sport we sagdyn ösüş

7 Iýun 2024
441

Siziň çagaňyz kompýuter oýunlaryny halaýarmy, futbol ýa-da beýleki sport oýunlary bilen gyzyklanýarmy? Eger-de çaga sport oýunlaryna höwes bildirmeýän bolsa, ony sporta ugrukdyrmak ýeňil däl. Çagany sporta höweslendirmegiň netijeli käbir ugurlary bar.

√ Çagaňyzy sport bilen türgenleşdirmäge endik etdirmekçi bolsaňyz, onuň üçin tälimçi däl-de, bile oýnaýan ýoldaş boluň. Irden ýanyňyz bilen ylgamaga razy etjek bolmaň, tersine, ony futbol ýa-da oýun meýdançasynda başga bir oýun oýnamaga çagyryň. Şeýle oýunlarda üç esse peýda gazanarsyňyz: çagaňyz sport bilen meşgullanar, özüňiz işjeň hereketde bolarsyňyz we çagaňyz bilen özara emosional baglanyşygy artdyrarsyňyz.

Annamyrat AKYÝEW,
«Saglyk».