Mbap­pe Mad­rid­de

7 Iýun 2024
377

Soň­ky 4–5 ýyl­dan bä­ri gür­rü­ňi edil­ýän trans­fer, ine, bu gün­ki gün, ahy­ry ha­ky­kat ýü­zün­de öz be­ýa­ny­ny tap­dy. Her trans­fer möw­sü­min­de äh­li üns­le­ri özün­de jem­län Ki­li­an Mbap­pe – «Re­al Mad­rid» gür­rüň­le­ri res­mi ýag­daý­da ha­ky­ka­ta öw­rül­di. Is­pan to­pa­ry res­mi ýag­daý­da fran­si­ýa­ly ýyl­dy­zy dü­zü­mi­ne go­şan­dy­gy­ny ha­bar ber­di.

Mbap­pe özü­niň «Rea­la» trans­fer bol­ma­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly so­si­al me­dia ha­sa­byn­da: — Düýş ha­syl bol­dy. Ça­ga­lyk ar­zu­wym bo­lan «Re­al Mad­ri­de» go­şul­mak me­niň üçin uly ab­raý hem-de be­gen­ji­miň çä­gi ýok. Nä­hi­li de­re­je­de tol­gun­dy­ry­jy ýag­daý­dy­gy­na hiç kim göz ýe­ti­rip bil­mez. Mad­rid­li­ler, si­ziň bi­len du­şuş­ma­ga sa­byr­syz­lyk bi­len ga­raş­ýa­ryn. Aja­ýyp gol­da­wy­ňyz üçin köp sag ­bo­luň! — di­ýip, be­gen­ji­ni paý­laş­dy.