Ýewropada 2023/2024 futbol möwsümi ähli ýurtlarda tamamlanyp, hemmäniň ünsi ýene-de bir hepdeden başlanjak EURO 2024-e gönükdirildi. 2023/24 möwsümi käbir klublar üçin şowly tamamlanan bolsa, elbetde, käbir klublar üçinem juda şowsuz ýa-da garaşylyşyndan pes geçdi. Möwsümi şowsuz tamamlan klublaryň käbirleri bolsa täze möwsüme başga tälimçi bilen başlanyny kem görmän, öňki hünärmenlerini wezipeden boşatdy we olaryň ornuna täzelerini belledi.
Ilki Angliýadan başlasak, möwsümi 3-nji orunda tamamlan «Liwerpul» topary Ýurgen Kloppuň öz islegi bilen wezipesinden gitmeginden soň, onuň ornuna Arne Sloty tälimçilige belledi. «Liwerpuldaky» 9 ýyllyk başdangeçirmesi tamamlanan Kloppuň ornuna bellenen 45 ýaşyndaky Slot