Yz­ly-yzy­na çem­pi­on­lyk ga­za­nan ýe­ke-täk ýy­gyn­dy

7 Iýun 2024
311

2008-nji ýyl­da çem­pio­nat 2-nji ge­zek 2 ýurt­da Awst­ri­ýa bi­len Şweý­sa­ri­ýa­da ge­çi­ril­ýär. 16 to­pa­ryň gat­na­şan ýa­ry­şyn­da çär­ýek fi­nal­da Ger­ma­ni­ýa Por­tu­ga­li­ýa­ny (3–2), Tür­ki­ýe Hor­wa­ti­ýa­ny (1–1, 3–1 p), Rus­si­ýa Ni­der­land­la­ry (3–1 g.w.) hem-de Is­pa­ni­ýa Ita­li­ýa­ny (0–0, 4–2 p) ýa­ryş­dan çy­kar­ýar. Ýa­rym fi­nal­da Ger­ma­ni­ýa­ Tür­ki­ýä­ni 3–2, Ni­der­land­lar Rus­si­ýa­ny 3–0 ha­sap­lar bi­len ýeň­ýär. Fi­nal­da-da Is­pa­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy Ger­ma­ni­ýa­ny Fer­nan­do Tor­re­siň 33-nji mi­nut­da­ky ýe­ke-täk go­ly bi­len 1–0 ha­sa­byn­da ýe­ňip, 44 ýyl­dan soň 2-nji çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­ýar.

Çem­pio­nat 2012-nji ýyl­da ýe­ne-de 2 ýurt­da – Pol­şa bi­len Uk­rai­na­da ge­çi­ri­lip, 16 ýy­gyn­dy ýa­ry­şa gat­naş­ýar. Ýer eýe­le­ri­niň 2-si­ne hem to­par­ça­dan çyk­mak ba­şart­ma­ýar. Çär­ýek fi­nal­da Por­tu­ga­li­ýa Çe­hi­ýa­ny Ro­nal­do­nyň go­ly bi­len 1–0, Is­pa­ni­ýa bol­sa Ha­bi Alon­so­nyň gol­la­ry esa­syn­da Fran­si­ýa­ny 2–0 ha­sap­lar bi­len ýeň­ýär. Ger­ma­ni­ýa Gre­si­ýa­ny 4–2 ýeň­se, Ita­li­ýa pe­nal­ti­le­riň ne­ti­je­si­ne Ang­li­ýa­ny ut­ýar. Ýa­rym fi­nal­da Ba­lo­tel­li­niň gol­la­ry bi­len Ita­li­ýa Ger­ma­ni­ýa­dan 2–1 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­ýar. Gol­suz ge­çen oýun­dan soň pe­nal­ti­ler­de Is­pa­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy Por­tu­ga­li­ýa­ny ýa­ryş­dan çy­kar­ýar. Ki­ýew­dä­ki fi­nal­da-da Is­pa­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy Ita­li­ýa­ny uly ha­sap bi­len 4–0 (Sil­wa 14, Al­ba 41, Tor­res 84, Ma­ta 88) ha­sa­byn­da ýe­ňip, bas­syr 2-nji, umu­my­lyk­da-da 3-nji ge­zek yk­ly­myň çem­pio­ny bol­ýar. Ýew­ro­pa çem­pio­na­tyn­da il­kin­ji ge­zek bir ýy­gyn­dy yz­ly-yzy­na çem­pi­on­lyk ga­zan­ýar.