Türkmen edebiýatynyň dostlary

6 Iýun 2024
327

Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmekde we onuň goşgularyny terjime edip dünýä ýaýmakda daşary ýurtly döredijilik işgärleri uly hyzmatlary bitirdiler. Türkmen edebiýatynyň dostlarynyň biri-de Pýotr Skosyrewdir. Ol 1900-njy ýylyň 5-nji maýynda Moskwa şäherinde dogulýar. Saratow uniwersitetinde okaýar. 1947 — 1948-nji ýyllarda «Družba narodow» žurnalynyň redaktory bolýar. 1919-njy ýylda «Голубое, золотое, дальнее» atly goşgular kitaby çap edilýär. P. Skosyrewiň bütin ömri Orta Aziýa we Kawkaz ýurtlary bilen aýrylmaz baglanyşykly. «Ak altynyň ýurdunda» (1930), «Baýramaly sowhozy» (1930), «Siziň sadyk guluňyz» (1936), «Peýkam ýaýyň atyjysy» («Hasanyň çagalygy») (1939), «Perhat» (1942), «Çägeler we tüpeň» (1927) powestleri, «Ýarylyş» (1929), «Gaçyş» (1930), «Aziýaly» (1931) romanlary awtobiografik häsiýetlidir. P. Skosyrew «Türkmen edebiýaty» (1945), «Ýapraklar we güller» (1957), «Mirasdarlyk we gözlegler» (1961) ýaly edebiýaty öwrenişe degişli ylmy işleriň awtorydyr. Ol 1938-nji ýylda «Igoryň polky hakynda söz» eserine degişli saldamly işini ýazypdyr, türkmen we özbek şahyrlarynyň ençemesiniň eserlerini rus diline terjime edipdir.

Ol 1949-njy ýylda Sankt-Peterburg şäherinde beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysyny rus dilinde çap etdirýär. Kitap P. Skosyrewiň «Magtymguly» diýen makalasy bilen açylyp, onda awtor şahyryň ýaşan döwri, köp temaly döredijiligi hakda gymmatly maglumatlary berýär.

Allaýar ÇÜRIÝEW.