Sport ulgamynda paýtagtymyza berlen belent dereje

4 Iýun 2024
476

Hemmämize mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 24-nji maýynda paýtagtymyzda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Aşgabat şäheri «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edildi. Bu bolsa häzirki döwürde ak şäherimiz Aşgabadyň halkara duşuşyklaryň, ylmy-amaly maslahatlaryň we forumlaryň geçirilýän merkezine öwrülendigini ýene-de bir gezek aýdyňlygy bilen subut etdi. Bu çözgüdiň biragyzdan kabul edilmegi mähriban halkymyzda buýsanç duýgusyny döretdi.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde Bütindünýä welosiped gününiň ýokary derejelere beslenip, baýram edilen günlerinde Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda paýtagtymyzyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Aşgabat — sport mümkinçilikleriniň we üstünlikleriniň şäheri» atly baýramçylyk çäreleri geçirildi. Bu ýerde türkmen türgenlerimiziň döwletimizde hem-de daşary ýurtlarda geçirilýän ýokary derejeli halkara ýaryşlarynda gazanan üstünlikleriniň sergisiniň guralmagy, sergide olaryň abraýly bäsleşiklerde gazanan dürli derejeli baýraklarynyň görkezilmegi sport janköýerlerinde uly gyzyklanma döretdi.

Sanjar ATAÝEW,
«Mugallymlar gazeti».