Aşgabat täze sport üstünliklerine tarap ynamly öňe barýar

4 Iýun 2024
449

Aşgabat, 3-nji iýun (TDH). Şu gün Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda paýtagtymyzyň “Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” diýlip yglan edilmegi mynasybetli “Aşgabat — sport mümkinçilikleriniň we üstünlikleriniň şäheri” atly baýramçylyk çäreleri geçirildi. Mälim bolşy ýaly, bu Çözgüt Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkara duşuşyklaryň we forumlaryň geçirilýän merkezine öwrülen Aşgabatda 24-nji maýda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň dowamynda biragyzdan kabul edildi.

Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, daşary döwletleriň hem-de halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary bar.