Şu gün Watanymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýuny ,«Bütindünýä welosiped güni» diýlip yglan edilen Kararnama laýyklykda, Bütindünýä welosiped güni giňden bellenildi. Bütindünýä welosiped güni mynasybetli ýurdumyzyň welaýatlarynda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde köpçülikleýin sport çäreleri uly ruhubelentlik bilen, guramaçylykly geçirildi. Welosiped sporty boýunça guralýan ýaryşlar, köpçülikleýin ýörişler, maslahatlar ekologik taýdan arassa ulag serişdesi bolan welosipediň sagdyn durmuş ýörelgesine laýyk gelýändigini subut edýär.