Maýa goýum mümkinçilikleri: milli we umumy bähbitleri nazarlap

1 Iýun 2024
448

Dünýädäki syýasy ýagdaýlaryň, halkara gatnaşyklar ulgamynyň düýpgöter öwrülişiklere sezewar bolýan häzirki şertlerinde «sebitler bolup dostlaşmak», ýagny sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmek meýliniň barha güýçlenýändigi aýdyň duýulýar. Munuň şeýle bolmagy, ilkinji nobatda, ählumumy derejede pugta parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi berkitmek meselesiniň köp babatda milli, sebit we yklym derejesindäki tagallalaryň utgaşdyrylmagyna baglydygy bilen şertlendirilendir. Şunda soňky ýyllarda Gündogaryň hem Günbataryň arasynda ýurtlary baglanyşdyryjy köpri bolup hyzmat edýän Merkezi Aziýa döwletlerine gyzyklanmalaryň yzygiderli artýandygy bilen baglylykda «C5+…» mehanizmine aýratyn orun degişlidir. «Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi — Merkezi Aziýa» dialogynyň döredilip, onuň çäginde ýokary derejeli duşuşyklardyr forumlaryň geçirilmeginiň ýola goýulmagyny-da muňa anyk mysal hökmünde görkezip bileris. Golaýda bolsa şu formatdaky ýurtlaryň degişli wekilleri maýa goýum forumyna gatnaşmak üçin Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherine ýygnandylar.

Bu forum ugurdaş düzümleriň ýolbaşçylarydyr syýasatşynaslara özara tejribe alyşmak, maýa goýum serişdelerinden oňyn bähbitleri gazanmak bilen bagly başlangyçlary öňe sürmek, bar bolan mümkinçilikleri kesgitlemek üçin möhüm meýdança bolup hyzmat etdi. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň hem gatnaşmagy dostlukly döwletleriň wekillerini ýurdumyzyň senagat, energetika, maýa goýum mümkinçilikleri bilen giňişleýin tanyşdyrmakda uly ähmiýete eýe boldy. Wekilçilikli forum tanyşdyrylyşlary, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, nebithimiýa, oba hojalygy pudaklaryna, azyk howpsuzlygyna, senagata, saglygy goraýyş ulgamyna, syýahatçylyga, logistika, tehnologiýalardyr sanlylaşdyrmaga, «akylly» şäherlere degişli mejlisleridir çekişmeleri öz içine alyp, olara türkmen tarapynyň wekilleri-de işjeň gatnaşdylar.

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».