Çagalaryň saglygy — ýurdumyzyň baýlygy

29 Maý 2024
548

1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni

Berkarar Watanymyzda sagdyn, ruhubelent, ylym-bilimli nesil kemala gelýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, beden hem ruhy taýdan sagdyn, ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerine wepaly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek babatda tutumly işler durmuşa geçirilýär. Ýaş nesiller barada döwlet derejesinde alada edilip, olaryň bilim almaklary, hünär edinmekleri, sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmaklary üçin ajaýyp şertler döredilýär.

Begenç Gurbanow,
Balkanabat şäher polisiýa bölüminiň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işi boýunça bölümçesiniň müdiri, polisiýanyň maýory.