«7/24. tm» №22 (209), 27.05.2024
Sport janköýerleri tarapyndan söýlüp tomaşa edilýän hem-de köpleriň söýgüsini gazanmagy başaran sport görnüşleriniň biri-de futboldyr. Häzirki wagtda millionlarça janköýerleri özünde jemleýän futbolyň dünýä jemgyýetçiliginde tutýan orny diýseň uly. Sport bilen meşgullanýan ynsanlaryň, hususan-da, çagalardan başlap, ýaşuly nesilleriň arasynda futbol oýunlaryna tomaşa edýänleriň sany bir ýa iki däl. Olar ýüzlerçe. Şonuň üçin-de, dünýä ýüzünde futbola hem-de futbol oýunçylaryna berilýän üns has-da güýçli. Ýakynda futbol muşdaklaryny begendiren şeýleräk bir waka — BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan her ýylyň 25-nji maýy «Bütindünýä futbol güni» diýlip yglan edildi. Bu buýsandyryjy waka türkmen futbolçylary üçin-de ýatdan çykmajak pursat boldy. Sebäbi her ýylyň 25-nji maýynda paýtagtymyzyň — Aşgabat şäheriniň gününi uludan baýram edýän sportsöýüjilerimiz bu günde dünýä halklary bilen birlikde Bütindünýä futbol gününi hem belleýär. Ilkinji gezek bellenilýän bu baýram türkmen futbolçylarynyň şatlygyny goşalandyrdy.