Deňhukuklylyga esaslanýan dostlukly gatnaşyklar

24 Maý 2024
300

20-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda özara bähbitlilik, deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda nygtalyşy ýaly, biziň ýurtlarymyzyň halklary asyrlaryň dowamynda medeniýetiniň, diliniň, dininiň umumylygyna, birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga esaslanýan dostlukly gatnaşyklary saklap gelýärler. Ýokary derejede yzygiderli geçirilýän duşuşyklar we gepleşikler halklarymyzyň arasyndaky dostlugyň, ruhy gymmatlyklaryň umumylygynyň aýdyň güwäsidir. Häzirki wagtda Türkmenistan we Tatarystan nebitgaz, gämigurluşyk, himiýa senagaty pudaklarynda, awiasiýa tehnikalaryny, ýük awtoulaglaryny ibermek ulgamynda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler.

«Nesil».