Ýakynda Balkan welaýat kitaphanasynda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň hem-de ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arakalyşyklarynyň Balkanabat şäher geňeşiniň bilelikde guramagynda «Türkmeniň ruhy çyragy» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Maslahatda edilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagy akyldar şahyra goýulýan belent sarpanyň aýdyň nyşanydyr.