Dünýäde sarpalanýan akyldar

24 Maý 2024
374

ABŞ-da Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaralar geçirildi

20-nji maýda ABŞ-nyň Milli poçta muzeýinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň ilçihanasy we «Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşi tarapyndan bilelikde çykarylan poçta markasynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Waşington şäherinde ýerleşýän muzeýde guralan dabara ýurdumyzyň ylym, bilim, medeniýet işgärlerinden düzülen wekiliýet hem-de ilçihananyň wekilleri gatnaşdylar. Çärä amerikan tarapyndan agzalan geňeşiň we Milli poçta muzeýiniň Ýerine ýetiriji direktorlary, Döwlet departamentiniň, ýurduň beýleki edaralarynyň, meşhur kompaniýalaryň wekilleri, alymlar gatnaşdylar.

Begli ABDYKADYROW.