Arzuwlaryň hasyl bolýan ýeri
Sporty hemra edinen adamlaryň arzuwlary bilen gyzyklanyp görüpmidiňiz?! Medal almak, kubok gazanmak, hormat münberine çykmak — bu sanalanlar hemme ýaryşlara mahsus bolan pursatlary göz öňünde janlandyrýar. Türgeniň şondan gaýry arzuwy bolup bilermi? Elbetde, bilmez. Ine, şu ýerde sporty hemra edinen ynsanyň arzuwy hakyndaky söhbediň soňky nokadynyň goýulmaly ýeri gelýär. Emma günleriň günlerden tapawutlanýandygy, hepdeleriň hepdelerden parhlanýandygy, pasyllaryň pasyllardan üýtgeşikdigi türgenleriň hem ýaryşlar baradaky garaýyşlaryna has çuňrak aralaşmaga çakylyk bolýar. Olaryň dünýäsi adaty adamlaryňka meňzemeýär. Köpçülikden tapawutlanýan bolsa, diýmek, bir aýratynlygy, belki-de, artykmaçlygy bardyr. Şol pikiriň yzyna düşüp hem türgenlere, hem-de olaryň tälimçilerine dil açdyryp bilseň, seni täsin bir dünýä çagyrar.