Türkmen sportunyň şöhraty

21 Maý 2024
462

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ildeşlerimiziň dürli sport ýaryşlarynda gazanýan üstünlikleri buýsançly duýgulary döredýär. Şu ýylyň başyndan bäri türgenlerimiziň dünýä ýurtlarynda guralan dürli derejedäki ýaryşlarda mynasyp bolan medallarynyň sany onlarçadyr.

Bilşimiz ýaly, geçen aýda paýtagtymyzdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda geçirilen hokkeý boýunça halkara ýaryşda ýurdumyzyň «Galkan» hokkeý topary gazanan ajaýyp üstünligi bilen ulus-ilimizi begendirdi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragynyň» ýylynyň şanly günlerinde türgenlerimiziň gazanan şol taryhy üstünligi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sport ulgamynda durmuşa geçirýän syýasatynyň barha rowaçlyga beslenýändiginiň subutnamasy bolup dabaralandy.

Aýsoltan BAÝLYÝEWA,
Tejen etrabyndaky 21-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.