Ykdysady ösüşler

19 Maý 2024
455

Ykdysady ösüş her bir jemgyýet üçin derwaýysdyr. Sebäbi ol jemgyýetçilik gurluşynyň nähilidigine garamazdan, halkyň durmuş-ykdysady ýagdaýynyň iň bir wajyp meseleleriniň biri bolup durýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, geçen taryhy döwrüň dowamynda senagat we innowasiýa ösüş nusgasyna gönükdirilen strategik ugruň yzygiderli durmuşa geçirilmegi, sözüň doly manysynda, döwletimiziň ykdysady garaşsyzlygyny üpjün etdi.

Türkmenistan milli ykdysadyýetiniň çalt depginler bilen ösýän şertlerinde dünýäniň dürli döwletleri bilen ýokary tehnologiýaly pudaklarda hyzmatdaşlyk etmäge, häzirki zamanyň öňdebaryjy bilimlerini we dolandyryş çözgütlerini ornaşdyrmaga uly ähmiýet berýär. Orta we uzakmöhletleýin döwlet maksatnamalarynyň kabul edilmegi bilen, Türkmenistanda ösen elektroenergetika, nebit we gaz çykarýan, nebiti gaýtadan işleýän, himiýa, nebit-himiýa senagatlary, maşyn-gurluşyk, demri gaýtadan işleýän, gurluşyk materiallaryny öndürýän desgalar, ýeňil hem-de azyk senagatynyň kärhanalary bilen üpjün edilen köp pudakly dürli maksatly ykdysadyýet döredildi.

Kakageldi ALLAKOW,
Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.