Halkymyzyň uçar ganatyna deňelýän ahalteke bedewlerimiz asyrlarboýy toý-baýramlarymyzyň bezegidir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe behişdi bedewlerimize goýulýan hormat-sarpanyň has-da belende göterilendigine «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda giňden bellenilip geçilen Türkmen bedewiniň milli baýramynyň dünýä ýaň salan dabaralarynyň mysalynda ýene bir ýola aýdyň göz ýetirdik. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda geçirilen dabaralar bolsa behişdi bedewlerimiziň döwlet derejesinde uly üns-alada bilen gurşalandygynyň, olara söýgi-buýsanjyň egsilmezdiginiň güwäsine öwrüldi diýip buýsanç bilen aýdyp bileris.
Taryha altyn harplar bilen ýazylan çäreleriň dowamynda Arkadagly Gahryman Serdarymyza atçylyk pudagyny ösdürmek baradaky aladalaryna çäksiz hoşallygyň nyşany hökmünde ýurdumyzyň welaýatlarynyň, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň adyndan ajaýyp ahalteke bedewleriniň, Arkadag şäheriniň ýaşaýjylarynyň hem-de Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň atşynaslarynyň adyndan täze doglan taýçanagyň sowgat berilmeginiň we bu taýa at goýup bermeginiň haýyş edilmeginiň, hormatly Prezidentimiziň bolsa «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda doglan ajaýyp taýçanaga Ylham diýip at goýmagynyň milli baýramyň hakydalarda hemişelik galjak taryhy wakalary bolandygyny bellemek aýratyn ýakymlydyr.