Welaýatlardan habarlar

10 Maý 2024
291

«Türkmennebit» döwlet konsernine degişli edara-kärhanalaryň işgärleri sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilýän ýaryşlara yzygiderli gatnaşyp, öz ukyp-başarnyklaryny görkezýär. Olar Balkanabat şäheriniň köpugurly sport toplumynda edara-kärhanalaryň işgärleriniň hem-de şäheriň ýaşaýjylarynyň gatnaşmagynda küşt boýunça geçirilen ýaryşda hem üstünlikli çykyş etdiler.

Syrly göçümleriň ezberlerini bir ýere jemledi. Gyzykly ýagdaýda geçen ýaryşda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Nebit we gaz guýularyny berkitmek boýunça müdirliginiň maşinisti Lukman Melikow 1-nji orna mynasyp boldy. Bu konserniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň Gaz toplaýyş we akdyryş müdirliginiň inženeri Wadim Kubrakow 2-nji orny eýelemegi başardy. Balkanabat şäheriniň ýaşaýjysy, telekeçi Mämmedanna Halymow 3-nji orny eýeledi.