Bu gün toý toýlanýar türkmen ilimde

10 Maý 2024
726

Azat iliň alkyşyndan ýalkanan,
Arkadagyň ylhamyndan galkynan,
Mymyk ýele eda bilen tolkunan,
Ýaşyl Tugum pasyrdaýar golumda —
Bu gün toý toýlanýar türkmen ilimde.

Garaşsyzlyk, Bitaraplyk bagty bar,
Bütin halkym, gör, neneňsi bagtyýar,
Bu gün güller açýar gözel gül Diýar,
Tugum bilen ygtyýarym elimde —
Bu gün toý toýlanýar türkmen ilimde.

Kerim MERDANOW,
Türkmenabat şäherindäki takyk we tebigy ugurlaryna ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiň okuwçysy.