Berkararlygyň synmaz sütünleri

10 Maý 2024
601

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
— Adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edýän Konstitusiýamyz, Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň, agzybirligimiziň hem-de jebisligimiziň ebediliginiň nyşanyna öwrülen Döwlet baýdagymyz biziň geçmişimiziň, häzirki döwrümiziň, geljegimiziň beýikdigini, şöhratlydygyny alamatlandyrýan milli mukaddesliklerimizdir.

Her ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň bilelikde bellenilmegi çuňňur many-mazmuna eýedir. Çünki Konstitusiýa we Döwlet baýdagy — berkararlygymyzyň synmaz goşa sütünleri, jemgyýetimiziň sarpalanýan gymmatlyklary. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletimiziň Esasy Kanuny, ata Watanymyzyň mizemez hukuk binýadydyr. Esasy Kanunymyzda türkmen halkynyň gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan milli däp-dessurlaryny, adatlaryny we durmuş ýörelgelerini özünde jemleýän demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň häzirki zaman nusgasy öz beýanyny tapýar. Döwlet baýdagymyz bolsa Esasy Kanunymyzda hem bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň özygtyýarly döwlet hökmündäki nyşanlarynyň biridir. Ata-babalarymyzyň «Adam edebinden tanalar, ýurt — tugundan» diýişleri ýaly, her bir ýurt öz baýdagy bilen tanalýar. Türkmen Tugy dünýäniň iň abraýly guramalarynda, halkara derejesindäki maslahatlardyr uly sport ýaryşlarynda belentde pasyrdamak bilen biziň her birimizi buýsandyrýar. Baýdagymyz biziň kalbymyzyň buýsanjy, başymyzyň täjidir. Döwlet baýdagymyzyň nyşanyny döşümize — ýüregimize iň ýakyn ýerine dakmagymyzyň özünde hem bu milli mukaddesligimize söýgi, has takygy, ata Watanymyza bolan söýginiň, geçmişimize, şu günümize we geljegimize buýsanjyň, ertirlerimiziň aýdyňlygyna bolan ynamyň näderejede ýokarydygynyň subutnamasydyr. Bu milli mukaddesliklerimiziň bilelikde baýram edilmegi watansöýüjiligimizi, däp-dessurlarymyza sarpamyzy, ilimize wepaly ýaşlary kemala getirmekde, terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir.

Güljahan MYRADOWA,
«Güneş».