Türkmen tebigatynyň dag-düzleri, sähra-ýaýlasy diýseň owadan hem gözel, howasy jana derman. Ine, şeýle tebigatda türkmeniň behişdi bedewleri dünýä inýär, ýokumly otlardan iýmitlenýär, durnagöz çeşmelerden suw içýär.
Pasly-bahar güle çümen çaglary,
Joş uranda sähra-düzi, daglary,
Göwün at üstünde ganat baglady,
Seýle çykyp alys ýollara, bedew! —