Ýokary depgin bilen

8 Maý 2024
482

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýüpekçilik ýurdumyzyň dokma senagatynyň geljegi uly hasaplanylýan pudaklarynyň biridir. Häzirki wagtda ýüpek önümlerine içerki we dünýä bazarlarynda islegler barha artýar. Ýurdumyzda ýüpek gurçugynyň iň gowy görnüşleriniň ýetişdirilmegi bolsa bu pudagyň ygtybarly binýadynyň döredilmegini üpjün edip, ýylsaýyn ýokary netijeleriň gazanylmagyna getirýär. Döredilýän giň mümkinçilikleriň netijesinde ýokary hilli ýüpek önümlerini öndürmekde Türkmenabadyň «Ýüpek» önümçilik birleşigi hem öňdebaryjy kärhanalaryň hatarynda tanalýar.

Bu kärhana ilkinji gezek 1931-nji ýylda ýüpek egirýän önümçilik hökmünde işe girizildi. Ilkinji önümçilik ýylynda bu ýerde çig ýüpegiň 15,1 tonnasy öndürilipdir. Soňra birleşigiň önümçiligi ýylsaýyn kämilleşdirilip, 1967-nji ýylda bu önümçilikde emeli ýüplükden «Saryja» matasy öndürilýär. Şol ýyl kärhananyň önümçiligine Ýaponiýanyň «KIOTO» firmasynyň gaýnagda matany ýuwýan desgasy, şeýle-de matany guradýan we inini saklaýan enjamlary, Fransiýanyň «Sakm» firmasynyň matanyň ýüzüne gül basýan desgasy we Germaniýanyň «Teksima» firmasynyň bug gyzgyny bilen matanyň gül nagşyny we reňkini berkidýän desgalary ornaşdyrylyp, 1968-nji ýylda ilkinji gezek boýag önümçiligi işe girizilýär. 1995-nji ýylda bolsa «Ýüpek» önümçilik birleşigi döredilip, 1997-nji ýylda arassa ýüpekden haly dokamaklyk ýola goýulýar.

Atanyýaz HANGELDIÝEW,
ýörite habarçymyz.