«Awçynyň» armazak adamlary

8 Maý 2024
789

Saýat etrabynyň hojalyklarynda oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny döretmek ugrunda yhlasly zähmet çekilýär. Daýhan yhlasy bilen bereket bolçulygy hem döredilýär. Şeýle il-ýurt bähbitli işde «Awçy» daýhan birleşiginiň armazak adamlary tutanýerlilik görkezýärler.

Munuň şeýledigine hojalygyň 6-njy kärendeçiler toparynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Öňdebaryjy toparyň gowaça meýdanlarynda bejergi işleri ýokary depginde alnyp barylýar. 108 gektardan gowrak meýdana gowaça tohumyny sepen daýhanlar öňümizdäki güýzde 434 tonnadan gowrak gymmatly çig maly Watan harmanyna goşmagy maksat edinýärler.

Hudaýberen PALEKEÝEW,
ýörite habarçymyz. Surata düşüren Merdan ORAZOW.