Berkarar Watan ösüşlere beslenýär

7 Maý 2024
205

6-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Iş maslahatynyň barşynda Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýew, Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow, Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradow, Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew, Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow çykyş edip, welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

TDH-nyň maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.