Utgaşykly hatarara bejergisi

7 Maý 2024
509

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda 162 müň gektar meýdana gowaça ekip, ondan oňat gögeriş, bol hasyl almagy maksat edinýän Mary welaýatynda gowaça ekişi tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Gowaça ekilen meýdanlarda ýaşajyk ösümlikler eýýäm hatar tutup ugrady. Pagtaçylyk bilen baglanyşykly her bir işi agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli ýerine ýetirip, bol hasyl almakda görelde bolýan Tagtabazar etrabynyň pagtaçylary ilkinji hatarara bejergisini hem otag bilen utgaşdyryp, dowam etdirip başladylar. Şu ýyl 5 müň 300 gektar meýdana gowaçanyň etrabyň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan, ýokary hasyl berýän, kesellere durnukly, orta süýümli «Ýolöten-7», «Ýolöten-39» sortlary ekildi. Şondan 12 müň 700 tonna gowaça hasylyny almak maksat edinilýär. Etrapda ekiş möwsüminde her günde 180 gektardan gowrak meýdanda ekiş geçirildi. Şu günler ilkinji hatarara bejergisinde işleýän mehanizatorlar günde onlarça gektar ekin meýdanynda bu möhüm agrotehniki çäräni ýokary hilli amala aşyrýarlar. Ýaz ekişinde we gowaçalaryň ilkinji hatarara bejergisinde peýdalanylýan traktorlaryň köpýyllyk iş tejribeleri bolan, öz işine ussat mehanizatorlara berkidilmegi bolsa, işleriň diňe bir öndürijiliginiň däl, eýsem, hil derejesiniň hem has ýokary bolmagyna itergi berýär.

Sona EMIROWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Mary şäher komitetiniň hünärmeni.