807 million amerikan dollary möçberinde girdeji aldy

6 Maý 2024
799

2024-nji ýylyň birinji çärýeginde Gruziýa syýahatçylyk pudagyndan 807,7 million amerikan dollary möçberde girdeji aldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 1,5 göterim ýokarydyr. Ýeri gelende bellesek, ýurda, esasan, Russiýadan, Türkiýeden, Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryndan, Ysraýyldan we Azerbaýjandan has köp jahankeşdeler barýar.

Maglumat üçin, 2023-nji ýylda Gruziýanyň syýahatçylyk pudagyndan alan girdejisi 4,1 milliard amerikan dollaryna deň boldy.

Uzukjemal MAŞADOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.