Do­gum don­ly es­ger

3 Maý 2024
419

1917-nji ýylyň bir güni Köpetdagy etekläp oturan Artyk obasynda, goşa çaýhanaly Garahan aganyň we Mährijemal enäniň maşgalasynda saryýagyzja ogul bäbejik dünýä inýär. Oba mollasy çagyrylyp, oglanjygyň gulaklaryna azan-kamat aýtdyrylyp, doglan aýynyň hormatyna oňa Sapar diýip at dakýarlar. Ol ata-enesiniň elinde terbiýelenýär. Türkmeniň ilkinji bilim işgärleriniň biri Artykgül Teke gyzynyň (Tatýana Tekinskaýa) Artyk obasynda öz hasabyna açan mekdebinde başlangyç bilim alýar.

Sa­par ýum­şa ýa­rap ug­ra­nyn­dan, do­gan­la­ry bi­len ata-ene­si­ne öý-ho­ja­lyk iş­le­rin­de we Ar­tyk de­mir ýol men­zi­li­niň gün­do­ga­ryn­da ýer­leş­ýän hu­su­sy çaý­ha­na­la­ryn­da zäh­met­de bi­şi­şip, ma­za­ly tap­lan­ýar. Oba­da kol­hoz gu­rul­ma­gy bi­len, meý­dan iş­le­rin­de iş­le­ýär. Ma­hal-ma­hal deň-duş­la­ry bi­len oba­nyň dag we Ga­ra­gum säh­ra­sy­nyň etek­le­ri­niň gö­zel ýer­le­ri­ne seý­ran edip, türk­me­niň mil­li oýun­la­ry­ny oý­nap­dyr, gö­reş tu­tup­dyr. Orak möw­sü­min­de Ar­tyk oba­sy­nyň ekin­le­rin­de kol­hoz­çy­lar bi­len orak orup­dyr.

Ça­ry­my­rat GA­RA­HA­NOW,
Türk­me­nis­ta­nyň Içe­ri iş­ler eda­ra­la­ry­nyň we­te­ra­ny, po­li­si­ýa­nyň äti­ýaç­da­ky pod­pol­kow­ni­gi.