Tohum atçylykda, aýratyn-da, ahalteke tohum atlaryny köpeltmekde, olaryň reňkine, nyşanlaryna, atlara at dakmaklyga aýratyn ähmiýet berilýär. Atlar biri-birinden reňki, nyşanlary we beýleki hususy alamatlary bilen hem-de olara dakylan atlary bilen tapawutlandyrylýar.
Atyň reňki onuň göwresini örtýän örtük tüýleriniň we gorag (ýaly, saçy (käkili) we guýrugy) tüýleriniň reňkleri boýunça kesgitlenilýär.